logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Pyragyň mekany toýa beslenýär!
  16.02.2023
767
Pyragyň mekany toýa beslenýär!

15-nji fewralda Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ýokary sylagy — ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijileri boýunça iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen bu bäsleşik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sebitlerde ilatyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Dabaranyň köp sanly myhmanlaryny muzeýiň öňündäki meýdançada teatr artistleri, medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary garşyladylar. Olaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde ak öýler gurnaldy, oba hojalyk önümleriniň, amaly-haşam sungaty eserleriniň, suratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy.

Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, dürli edara-kärhanalardan önümçiligiň öňdebaryjylary, oba zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dana söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň didaryny gören sebitinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň arka atylan ilkinji ýylynda amala aşyrylan ykdysady özgertmeleriň netijeleri has-da buýsançly boldy. 

 

Saparjemal GURBANOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.