logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Pyragynyň edebi mirasy dünýä hakydasynda
  05.06.2023
802
Pyragynyň edebi mirasy dünýä hakydasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir sözi diňe bir halkymyzyň däl-de, umumadamzadyň köňül nagşyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, dünýä ýüzüne ýaýmakda, ony nepisligi bilen geljekki nesillere ýetirmekde, şahyryň mertebesini belent derejelere götermekde tutumly işler amala aşyrylýar. Her bir pursat, her bir gün buýsandyryjy wakalara dolýar. Ajaýyp döwürde — Magtymguly Pyragynyň arzuwlan eýýamynda ýaşamak, şeýle şanly senelere şaýat bolmagam bagtdan nyşan. Muňa şu ýylyň 10—24-nji maýy aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu abraýly guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna girizmek hakyndaky çüzgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Şonuň ýaly-da şol mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024—2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Özbegistanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.

Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilen 30 ýylynyň dowamynda bu abraýly gurama bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi bu abraýly halkara guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna girizilmegi hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan akyldar şahyrymyzyň döredijiligine goýulýan çuňňur sarpanyň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň baý söz medeniýetini dünýä ýaýmaga ýardam edýän mähriban Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet we dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Laçyn BAHRAMOWA,  

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.