logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Radiasiýa nähili döreýär?
  24.05.2023
865
Radiasiýa nähili döreýär?

Radiasiýa – bu  tebigy hadysalaryň biridir. Görünmeýän we şol bir wagtyň özünde ölüm howply, töweregindäki ähli durmuşy ýok edip bilýän bu hadysa barada bilmeklik zerurdyr. Radiasiýa nädip döredýär, ýadro partlamalary näderejede howply we bu hadysa barada näme bilýäris? Bu soraglara anyk jogap tapmak üçin şulara salgylanyp bileris: 

Ýer ýüzünde bar bolan köp materiallar, elementler radioaktiwdir. Ozon gatlagy tarapyndan saklanan kosmosdaky radiasiýany hem aýtmak bolar. Radioaktiw şöhlelenme adam bedeninde iň täsirli prosesi başladýar, onuň täsiri bolmazdan dowam edýär. Köp alymlaryň pikiriçe, Gün radiasiýasy Ýer ýüzünde köp dürli janly-jandarlary döretdi. Aslynda, radioaktiw materiallaryň köpüsi adaty ýaly görünýär, edil gurşuna meňzeş çal metal bölegi ýaly. 

Özüňizi radiasiýadan nädip goramaly? 

Elbetde, radiasiýa garşy iň belli gorag gurşundyr. Ýokary dykyzlygy bolan bu agyr material radiasiýany täsirli siňdirýär, ýadro partlamasynyň merkezinde bolmasa, iň bolmanda howpsuz ýagdaýda ýaşamaga mümkinçilik berýär. Aslynda, ähli materiallar diýen ýaly radiasiýany özüne siňdirýär. Ýöne täsirini has gowşatmak üçin 31 sm agaç, 14 sm toprak, 10 sm beton ýa-da 2 sm gurşun gerek bolar. Mundan başga-da, polatdan tapawutlylykda gurşunyň ikinji derejeli radioaktiwligi ýok. Şeýle-de bolsa, ondan özüňi goramagyň başga ýollary-da bar. Mysal üçin, gurluşyk wagtynda beton erginine (her kub metr üçin 20 kg töweregi) bor karbidi goşulsa, emele gelen material radiasiýadan has gowy izolýasiýany üpjün edýär. Adaty betonyň goragy takmynan 200-300%. Radiasiýa gaty çalt düşýär, bir sagatda 1200 rentgen-den 240-a, ýagny bäş gezek düşüp biler. Şol bir wagtyň özünde radioaktiw hapalanmagyň daşky serhedinde 40-dan 8-e çenli bolýar. Radiasiýa täsiri has uzak dowam eden Hiroşima we Nagasakide bolan partlamany muňa mysal getirmek bolar. Şeýle-de bolsa, onuň netijeliligi gaty pesdi. 64 kg baýlaşdyrylan urandan takmynan 700 gram, ýagny bir göterimden gowrak reaksiýa girdi. Şeýle-de bolsa, bu köp kynçylyk döretmek üçin ýeterlik boldy.

Uranyň galan bölegi reaksiýa girmedi, ýagny arassa energiýa öwrülmedi. Muňa derek, partlama ony tutuş sebite ýaýratdy we köp ýyllap sebiti hapalandy, radiasiýa derejesini has ygtybarly derejä çenli peseltmek üçin köp arassalaýyş işleri edilmelidi. Adaty ýadro desgalary tarapyndan daşky gurşawa has uly howp abandyrdy, muňa Çernobyl hadysasy mysal boldy. Hünärmenleriň köpüsi spirtli suwuklygyň radiasiýa täsiri bar hasaplanyp, bedendäki prosesleri birneme haýalladýandygyny aýdýarlar, netijede radioaktiw zäherlenmeler beýle çalt geçmeýär. Şeýle-de bolsa, etil spirtiniň özi bedene goşmaça zyýan berýän zäherdir. Şeýlelik bilen, radioaktiw zäherlenilen ýagdaýynda onuň peýdasy zyýandan azdyr. Şol sebäpden hem bu barada degerli maglumatlary bilmezlik, radioaktiw materiallardan, elementlerden mümkin boldugyndan daşrak bolmaklyk, olary bilmezden ulanmaklyk zyýanly netijelere getirip biler. 

 

Hallygözel ORAZBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.