logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Radiasiýadan goraýan material taýýarlanyldy
  21.06.2023
954
Radiasiýadan goraýan material taýýarlanyldy

Bu material gurşundan has erbet, ýöne ekologiýa taýdan arassa we has arzan. Rus hem-de malaýziýaly alymlar radiasiýa garşy gorag materialy bolan, epoksi rezine esaslanýan polimer birleşmesi hökmünde arzan we ekologiýa taýdan arassa materialy döretdiler.

Ural Federal Uniwersitetiniň gözlegçileri Malaýziýadaky kärdeşleri bilen bilelikde gurşun alternatiwasyny teklip etdiler. Sintez edilen polimer birleşmesi rentgen şöhlelerinden we gamma şöhlelerinden goraýar. Alymlaryň bu işi radiasiýa fizikasy we himiýa žurnalynda çap edildi.

Mälim bolşy ýaly, gurşun radioaktiw gamma radiasiýasyndan goramaga ukyply iň köp ýaýran gorag materialydyr. Şeýle-de bolsa, ol hem zäherlidir, daşky gurşaw üçin hem, beden üçin hem howply, ýagny bedende köp mukdarda nerw ulgamynyň we beýniniň işlemegi bozulýar, bu ölüme sebäp bolup biler.

Ural Federal Uniwersitetiniň we Malaýýa Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlary täze gorag materialyny almak üçin sink oksidi nanopartikullary bilen doldurylan epoksi rezin birleşmesiniň nusgalaryny sintez etdiler.

Arassa polimerler radiasiýany peseldýär, ýöne has köp atom mukdary bolan elementleri goşmak arkaly olaryň gorag ukybyny ýokarlandyryp bolar diýip, gözlegçiler düşündirýär.

Aslynda gurşun täze birleşmeden has gowy, ýöne gurluşyň galyňlygyny ýokarlandyrmak arkaly munuň öwezini dolup bolýar. Mundan başga-da, täze kompozisiýa önümçilikde-de ekologiýa taýdan arassadyr.

Täze gurluşy döredijileriň pikiriçe, täze material geljekde has-da zerur bolar, çünki ol ýylylyga we himiki täsirlere çydamly hem-de zerur bolan güýç we berkligi alyp biler. Bu, esasanam çylşyrymly görnüşdäki barmasy gaty kyn ýerleri goramak üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, epoksi rezin gurluşy arzan we ony öndürmek aňsat bolýar. 

 

Şöhrat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.