logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Raffleziýa – iň äpet gül
  22.06.2022
1501
Raffleziýa – iň äpet gül

   Raffleziýa- iň uly güli, ömrüniň köp bölegini gizlinlikde geçirýän ösümlik emele getirýär. Çünki Arnoldyň raffleziýasy ýokançgülliler maşgalasyna degişlidir. Ol gülleýiş döwrüniň dowamynda ýylda bir gezek özüni tanadýar. Onuň arealy Indoneziýanyň, Filippin adalarynyň, Taýlandyň, Malakka ýarymadalarynyň, Kalimantan adalarynyň, Ýawa we Sumatranyň çäklerini eýeleýär. Çeşmelere görä, bu äpet gül 1818-nji ýylda Sumatra adasynda britan gözlegçisi Stemford Rafflez tarapyndan ýüze çykaryldy. Ösümligi ilki gören ýerli gözegçi, doktor we tebigatçy Jozef Arnoldyň kömekçisidi. Şonuň üçin hem, bu gül Arnoldyň raffleziýasy adyny aldy. Tapylan gülüniň diametri 1 metr, agramy 7 kg bolupdyr. Onuň agramy 8-10 kg, diametri 60-100 sm aralygynda hem bolup bilýär. Gül müňlerçe tozanlandyrýan uçujy mör-möjekleri özüne çekiji çüýrän etiň ysyny ýaýradýar. Tozanlanandan soň, çigitli kädä meňzeş miwäni emele getirýär. Raffleziýanyň kerpiç gyzyl reňkli güli bolup, onuň baldagy we ýapraklary, ýagny fotosintezi amala aşyrýan esasy synalary bolmaýar. Şeýlelikde olar Üzümler maşgalasynyň lýanlarynda mugthorluk edip ýaşaýarlar.

Döwlet HALLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.