logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow Moskwada duşuşarlar
  01.12.2022
1125
Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow Moskwada duşuşarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin 6-njy dekabrda Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa geçirilen metbugat brifinginde habar berdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň bar bolan mümkinçilikleri, BMG, GDA «Merkezi Aziýa — Russiýa», Hazar bäşligi ýaly halkara giňişliklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak barada pikir alşarlar.