logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen duşuşdy
  07.12.2022
1122
Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen duşuşdy

6-njy dekabrda, Moskwada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesi we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak, sebit hem-de halkara derejeli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda halkara giňişliklerde — BMG, GDA, Hazar bäşligi, «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» formaty ýaly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi nygtalyp geçildi.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak arkaly has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 474,8 million amerikan dollaryna barabar boldy. Geljekde bu görkezijini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.