logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /«Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy
  04.10.2025
579
«Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dynuwsyz aladalar edýärler. Eziz Diýarymyzyň ýaşlary terbiýeli, ylymly, bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin  döwletimiz tarapyndan döwrebap şertler döredilip berilýär.

 

Häzirki wagtda talyp ýaşlaryň türkmen halkynyň milli taryhy gymmatlyklaryny hem-de suratkeşleriň döredijilik eserlerini içgin öwrenmek ähmiýetlidir. Şeýlelikde 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergiler jaýynda Çarymyrat Ýazmyradowyň ýubileý toýy mynasybetli «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň we myhmanlaryň gatnaşmaklarynda açyldy. Serginiň esasy maksady ýaşlarda milli sungata bolan duýguny döretmek hem-de nakgaşçylyk eserleriniň çeper aýratynlygyny wasp etmekden ybaratdyr.

 

Sergide suratkeşiň ajaýyp döreden eserleri hereketi emele getirýär. Sebäbi eserlerdäki şekiller aýdyňlygy bilen sazlaşykly poeziýa duýgusyny döredýär. Suratkeşiň zenan baradaky eserleri dürli pasyllara mahsus häsiýeti zenanyň keşbi bilen sazlaşdyrylypdyr. Şeýle-de zenan dünýäsinde milli äheňiň aýdyňlygy öňe çykýar. Eserlerdäki bägül, goçak, tegbent, ýylan yzy ýaly nagyşlar ösümlik dünýäsini emele getirýär. Eserlere umumylykda seredeniňde, ýaşaýyş durmuşyň dowamatlygyny görkezýär. Şeýle-de suratkeş Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Kipr, Russiýa Federasiýasy, Wengriýa, Hytaý, Hindistan ýaly döwletleriň keşbini öz eserlerinde ussatlyk bilen şekillendiripdir. Suratkeşiň döredijilik sergisi çäräni has hem täsirliligi bilen tapawutlandy.

Tawus Garajaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri