Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Reňkleriň aňymyza edýän täsiri barada bilýärdiňizmi?
  25.04.2023
1119
Reňkleriň aňymyza edýän täsiri barada bilýärdiňizmi?

«Reňk-bu emosiýalary döredýän ýagtylygyň önümidir.»  

I.W.Gýote.

Reňk – bu elektromagnit energiýasynyň tolkunlarydyr. Olary ilki biziň gözlerimiz soňra beýnimiz kabul edýär. ABŞ-nyň Wiskonsinskiý uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen gyzykly tejribä seredip geçeliň. Amerikan öý hojalykçy aýallara 4 dürli käseden kofe içmekligi teklip etdiler. Olaryň ýanynda dürli reňkli gutular bardy: goňur, gök, gyzyl we sary. Aýallara kofeni bahalandyrmaklygy teklip edenlerinde netijeler şeýleräk boldy: goňur gutynyň ýanyndaky kofe örän ýiti, sarynyň ýanyndaky ýumşak, gyzylyň ýanyndaky süýji we hoşboý ysly, gök gutynyň ýanyndaky bolsa ýumşak we ýakymly. Ýöne, aslyýetinde bolsa ähli käsedäki kofeler birmeňzeşdi.

Reňke bolan gyzyklanma adamlarda gadym döwürlerde hem bolupdyr. Meselem, Müsürliler buthanalarynyň diwarlaryny gülgüne we gök reňklere reňkläpdirler. Hindiler bolsa şypaly täsiri bar diýip  hasap edip, reňklenen matanyň arasyndan ýörite ýagtylyk geçiripdirler. Häzirki wagtda reňk terapiýasy däp medisinanyň metody hasaplanman, eýsem reňkleriň adamyň psihikasyna täsiri ylmy taýdan subut edilendir.

Reňk tolkunlarynyň uzynlygy dürlüçe bolup, olaryň pigmentlenmegi hem dürli intewsiwlikdedir. Hut şonuň üçin-de her bir reňk adamyň dürli nerw impulsyna täsir edip, adama dürlüçe täsir edýär. Uzyn tolkunly reňkler adama köpräk täsir edýär. Olaryň iň uzyny bolsa gyzyldyr. Ol adamyň organizminiň ähli funksiýalaryny işjeňleşdirýär, nerw ulgamyny stimulirleýär. Şol bir wagtda gök bolsa iň gysga tolkun uzynlyklydyr. Ol psihoterapiýada rahatlandyrmak üçin ulanylýar, emma onuň çendenaşa köp ulanylmagy depressiýa eltip biler. Mekdep okuwçylarynyň syýa reňkiniň hem gök saýlanylmagy onuň rahatlandyryjy, köşeşdiriji täsiri bilen baglydyr. Mugallymlaryň bolsa gyzyl syýanyň ulanylmagy  nerw ulgamyny oýaryjy täsiri bilen baglanyşykly bolup, okuwçyda baha täsirlenme döredýär. Ähli reňkler hem öz gezeginde adamyň organizminiň garmonlarynyň işläp çykmasyna, beýnisine, uka, oýanma, işjeňlige, işdä we beýlekilere täsir edýär. Hut şol sebäpden hem adam ony gurşap alan reňklere baglydyr.

Reňk – bu diňe bir bir zady beýlekisinden tapawutlandyrmagyň ýoly däl-de, eýsem bu janly jandarlara we adamlara güýçli täsir edýän bitewi ulgamdyr. Şonuň üçin hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň, söwda we dynç  merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we beýleki islendik binanyň reňkini maksada görä saýlamaklyk zerurdyr. 

 

Mawlýuda ATAJANOWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine 
ýöriteleşdirilen 27-nji orta 
mekdebiniň mugallymy.