Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /RENTGEN SKANERI NÄHILI IŞLEÝÄR?
  26.09.2022
1746
RENTGEN SKANERI NÄHILI IŞLEÝÄR?

Rentgen şöhleleri göze görünmeýän şöhledir. Olary elektrik we magnit tolkunlary daşaýar. Köp material ýagtylygy geçirmeýär, ýöne güýçli rentgen şöhlesi olaryň içinden geçýär. Eger-de siz birine rentgen şöhlesini tutsaňyz, şöhle onuň ýumşak dokumalaryndan geçer, ýöne gaty süňklerinden we dişlerinden geçip bilmez. Hassahanalarda rentgen skanerler bedenimiziň içki gurluşynyň suratyny şu şekilde alýar.


Iki ölçegli rentgen skanerleri şübheli obýektleriň ýerleşýän ýerini görkezse-de, onuň düzümini anyklap bilmeýär. Lukmançylyk barlaglarynda giňden ulanylýan KT (Kompýuter tomografy) atly aeroportlardaky täze skanerler skanirlemegiň täze görnüşini ulanýar. KT skanerler üç ölçegli surat düşürmek we obýektiň takyk dykyzlygyny ölçemek üçin aýlanýan rentgen şöhlelerini ulanýar.


Köp aeroportlarda hemme goşlar rentgen skanerden geçirilýär. Çemodanyň içiniň dolulygyna görünýän suraty gözegçi ofiseriň öňündäki monitorda peýda bolýar. Aýratyn hem KT (kompýuter tomograf) skanerler partlaýyjy maddalary ýüze çykarýar. Rentgen şöhleleri goşlara tutulanda, şöhle plastik ýa-da gaýyş material we egin-eşikler ýaly ýumşak materiallaryň içinden geçýär. Ýöne ol açar ýa-da teňňe ýaly gaty metaldan ýasalan zatlary böwüsip geçip bilmeýär. Bu diýildigi, çemodanyňyzda ýa-da sumkaňyzda daşaýan gaty zatlaryňyzyň hemmesiniň rentgen skanerde düşürilen suraty kölegeli surat bolup ekranda çykýar.


Dünýädäki iň gatnawly 10 sany aeroportda her ýylda 600 milliondan gowrak ýolagçy uçuşy amala aşyrýarlar. Aeroportlardaky döwrebap skanerler minutda 400 çemodany barlagdan geçirmäge ukyplydyr.


Rentgen şöhlesiniň parlak (reňksiz) plastik linzalardan göni geçýändigi üçin günden goraýan äýnekler aýdyň görünýär. Rentgen şöhleleriniň öýjükli telefonyň plastik daşyndan geçýändigi üçin onuň bölekleri aýdyň görünýär. ) Rentgen şöhlesiniň kömegi bilen suwuklyklary tanap bolmaýar, ýöne KT skanerleriň kömegi bilen partlaýyjy maddalary anyklap bolýar. Rentgen şöhleleriň metaldan geçmeýänligi üçin açarlaryň reňki gara bolup, olaryň diňe sudury görünýär.


Garlybaý PAŞŞAÝEW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.