logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Rimde türkmen önümleriniň sergisi geçirildi
  29.10.2025
453
Rimde türkmen önümleriniň sergisi geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Rim şäherinde türkmen-italýan işewürlik forumy hem-de Italiýanyň tehnologiýalary bilen Türkmenistanda öndürilen önümleri görkezýän göçme sergi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

 

Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gurnady. Forumyň hem-de serginiň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine we giňeldilmegine gönükdirildi. Forumyň dowamynda taraplaryň arasynda duşuşyklar gurnaldy, birnäçe resminamalara gol çekildi we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şeýle-de, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň Söwda agentliginiň wekilleri duşuşyp, söwda gatnaşyklarynyň barha ösýändigi hem-de italiýan kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanmasynyň artýandygy bellenildi.Bu çäreler hyzmatdaşlygyň geljekde ösdüriljek ugurlaryny we anyk maksatlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

 

Merjen ALMEDOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.