logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Rowaçlanýan döwrüň bilim başlangyçlary
  25.02.2023
1126
Rowaçlanýan döwrüň bilim başlangyçlary

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleriň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak, olary kämil bilimli edip ýetişdirmek boýunça guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň sazlaşykly özgermegi döwrüň möhüm talaby bolan sanly ulgamyň ösmegine itergi berýär. Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Ylmy açyşlaryň gündelik durmuşymyzyň ähli ugurlaryna içgin aralaşýan döwründe ýaş nesliň baý ylym-bilim gory bilen ýurdumyzyň ösüşlerine ösüş goşmaklaryna giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny hem hilini baýlaşdyrmak, onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kitaphanalar, okuw merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Ondan gelip çykýan wezipeleriň çäklerinde ýaş nesliň kämil bilim almak, sport bilen meşgullanmak we medeni çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Gurlup ulanylmaga berilýän okuw mekdeplerinde okuw otaglary häzirki zaman multimedia we kompýuter enjamlary, kämil tehnologiýalar, zerur bolan okuw gollanmalary bilen hem doly üpjün edilýär. Ýurdumyzda bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň işjeň ösdürilmegine, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almaklaryna, ylymly hünärmenler bolup ýetişmeklerine badalga bolup, ýüreklerde Arkadagly Serdarymyza, bagtyýar döwrümize bolan çäksiz buýsanjy artdyrýar! 

 

Meýlis DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.