Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Rowaçlygyň hem bagtyýarlygyň nyşany
  25.04.2023
449
Rowaçlygyň hem bagtyýarlygyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, täze önümçilikleri ýola goýmakda we hususyýetçiligi ösdürmekde netijeli çäreler alnyp barylýar. Döwrüň talaby bolan kämil tehnologiýalara, täzeçil usullara daýanyp, Türkmen telekeçileri döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýärler. Elbetde, täzeçillik, ösen ylym we akylly tehnologiýalar ähli pudaklaryň işleriniň barha öňe ilerlemegini üpjün edýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda hususy işewürligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Çünki bu ugur innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge ýol açýar. Onuň hasabyna häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdary barha artýar we netijede ýurdumyzda bazar bolçulygy döredýär. Ak bazarlarymyzyň bolçulygy bolsa saçaklarymyzyň rysgal-berekedi bolup, halkymyzy has-da guwandyrýar, abadançylygyň, eşretli durmuşyň nyşany bolup kalplara dolýar.

Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde hususyýetçilere, türkmen işewürlerine möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda bazar bolçulygyny pugtalandyrmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere hususyýetçileriň goşýan goşandy uly bolup, olar täze taslamalary durmuşa geçirmekde, badalga berlen işleri dowam etdirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Önümçilige innowasion tehnologiýalary doly derejede ornaşdyryp, harytlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaklygy alyp barmak, eksport ugurly önümleriň görnüşini artdyrmak halkymyzyň abadan hem bolelin durmuşda ýaşaýandygynyň guwandyryjy alamaty bolup şöhlelenýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ädimlere başlangyç berildi. Olaryň esasyny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeler düzýär. Dürli pudaklarda kiçi we orta telekeçiligiň işiniň gerimini giňeltmek, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek öňde durýan möhüm ähmiýetli ugurlar hökmünde kesgitlenilendir. Öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça anyk çäreleri amal etmek göz öňünde tutuldy. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek, şol sanda iri innowasion kärhanalary, eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri gurmak, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ýola goýulýan asylly çäreler rowaçlygyň ýolunda eziz Watanymyzyň berkararlygyny üpjün etmäge şert döredýär. 

 

Kamila NURMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.