logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Rowaçlyk ýolundaky aýdyň maksatlar» atly okuw maslahaty geçirildi
  04.05.2023
738
«Rowaçlyk ýolundaky aýdyň maksatlar» atly okuw maslahaty geçirildi

Ýakynda, Kaka etrap medeniýet bölüminiň ýygnaklar zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Kaka etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň, edara kärhanalaryň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmaklarynda meýilnama esasynda «Rowaçlyk ýolundaky aýdyň maksatlar» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Baýram Handurdyýew we tehniki gözegçisi Şamuhammet Annanyýazow  gatnaşyp, degişli meseleleriň üstünde giňişleýin söhbetdeşlikleri gurap, oňat maslahatlary,  täsirli gürrüňleri berdiler. Geçirilen bu okuw maslahaty sorag-jogap bermek arkaly gyzykly ýagdaýda geçirildi. 

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň başlygy.