logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Rowana ýollarda raýatlaryň howpsuzlygy
  29.02.2020
899
Rowana ýollarda raýatlaryň howpsuzlygy

    «Türkmenistan Bitaraplygyň Mekany» ýylynda ýurdumyzda ýol gatnawlarynyň howpsuzlygy hem-de oňaýlylygy bu ulgamda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesidir. Ýollaryň dünýä ölçeglerine laýyk edilip gurulmagy we enjamlaşdyrylmagy, onuň çäklerinde ýollaryň inženerçilik ulgamlarynyň täzeçe ornaşdyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan ajaýyp üstünliklerdir.  Köçe hereketi  diňe bir  awtoulag serişdeleriniň talaba laýyk hereketini  talap etmän, eýsem pyýada  ýolagçylara hem  doly derejede  degişlidir. Pyýadalaryň  köçäni kesip geçenlerinde ýörite bellenen  ýerlerden  ýöremegi, olar üçin ýerasty geçelgeleriň gurulmagy elbetde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu  bolsa sürüjileriň hem-de pyýadalaryň jebislikde ýol hereketiniň talaplaryny berjaý etmekleriniň  esasy bolup durýar. Eziz diýarymyzda «2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyny» ösdürmegiň maksatnamasynyň» çäklerinde ulag ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Diýarymyzyň aýna ýaly tekiz ýollarynda asudalygyň we howpsuzlygyň höküm  sürmegi ilkinji nobatda sürüjileriň we herekete gatnaşyjylaryň taýýarlygyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem bu netijeleri gazanmakda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky sürüjileri taýýarlaýan okuw mekdeplerine uly orun degişlidir. Ýol-hereketine ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň  hem-de kiçi  ýaşly çagalaryň doly düşünmegi üçin mekdebimiziň agzybir mugallymlarynyň alyp barýan wagyz-nesihat çäreleri öz  täsirini  ýetirýär. Mekdeplerde, çagalar baglarynda  «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda pyýada, sürüji, tirkeg, ulag, ýol, ýolagçy, ýol hereketi, ýol hereketine gatnaşyjy, ýol hereketiniň guralyşy, ýol-ulag hadysasy, ýol hereketiniň howpsuzlygy, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly gyzykly çäreler geçirilýär we bäsleşikler  guralýar. Köçe  hereketiniň kadalarynyň  öwredilmegi  pyýada  ýolagçylaryň  köçä  çykanlarynda  olaryň herektleriniň awtoulaglaryň hereketi bilen sazlaşykly bolmagyna ýardam edýär.

      Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk  döwründe  etrabyň çägindäki hereketedýän sürüjileri taýýarlaýan okuw mekdeplerinde  taýýarlaýan sürüjilerine tejribeli mugallymlar tarapyndan ilkinji nobatda ýollarda herekete gatnaşyjylaryň, pyýadalaryň howpsuzlygyny berjaý etmek babatynda okuw sapaklary yzygider geçirilýär.

     Şeýlelikde  her bir  alnyp barylýan işleriň  adamzat gymmatlyklarynyň  esasynda  ýerine  ýetirilmegi halkyň  abadan, parahat  bol-elin  ýaşaýşyna  gönükdirilýän işleriň  täze  derejelere  ýetirýändiginiň  mysaly bolýar.