logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ruhubelent etrabyndaky zawot gije-gündiziň dowamynda 1000 kub metr suwy arassalaýar
  24.02.2023
906
Ruhubelent etrabyndaky zawot gije-gündiziň dowamynda 1000 kub metr suwy arassalaýar

Ruhubelent etrabynyň «Agyzsuw» müdirliginiň hasabyndaky suw arassalaýjy desgalaryň 2-si şäher we oba ilatyny arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Gije-gündiziň dowamynda 1000 kub metr agyz suwuny arassalaýan zawod etrap merkezinde, kuwwatlylygy 150 kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desga Tüniderýa geňeşliginiň çäginde ýerleşýär.

Ruhubelent şäheriniň ýylsaýyn artýan ilatynyň içimlik arassa suwa bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Munuň üçin müdirligiň hasabynda hereket edýän dikguýularyň 8-si, bir sany suw ýygnaýjy howdan, şeýle-de uzynlygy 54 kilometre golaý suw geçirijiler peýdalanylýar. Suw desgasynyň eýeçiligindäki ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň 4-si arkaly Was düzlüginde aýry-aýrylykda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylaryna takyk kesgitlenen günlerde arassa agyz suwuny eltip bermek ýola goýuldy.