logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ruhuňyza tagzym edýär nesiller
  08.10.2021
620
Ruhuňyza tagzym edýär nesiller

Müňlerçe ynsan ömrüni üzen 1948-nji ýylda bolan pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň ýowuz wakalary häzirki döwürde hem halkymyzyň kalplarynda ýatdan çykmajak hatyra hökmünde saklanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde tebigy betbagtçylyk zerarly wepat bolan watandaşlarymyzyň hatyralaryna aýat-töwirler okalýar.

73 ýyl mundan ozal 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-na geçilýän gije Aşgabatda we onuň eteklerinde 10 balla barabar bolan dünýäde iň aýylganç ýertitremeleriň biri bolup geçdi. Bary-ýogy 15-20 sekundyň içinde tebigy betbagtçylyk Aşgabady we onuň töweregindäki köp sanly obalary weýran etdi.

Bu hasratly waka baradaky ýatlama bizi hemişe gam-gussa batyrýar, ýyllar bizi bu ýowuz hadysadan näçe daşlaşdyrsa-da, şehitlermiziň hatyrasy ýüreklerimizde baky saklanyp, kalbymyzda şol agyr ýitginiň hasraty hiç haçan egsilmeýär.

Bilşimiz ýaly, bu ýertitreme dünýäde iň hasratly, ýowuz tebigy hadysalaryň biri boldy, bu betbagtçylyk 198 müňe golaý ilatly Aşgabat şäherini, paýtagtymyzyň 50 kilometr töweregindäki obalaryň 40-dan gowragyny ýer bilen ýegsan etdi, ildeşlerimiziň 176 müňüsiniň ömür tanapyny kesdi.

Ýertitremede ejir çeken ildeşlerimiziň 30 müňe golaýy Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň lukmançylyk edarlarynda saglyklaryny bejertmek üçin kabul edildi, Aşgabada müňden gowrak lukman, gurluşyk batalýonlary kömege geldi, azyk önümli eşelonlar, dürli tehnikalaryň 700-den gowragy gelip gowuşdy, bu edilen kömek agyr betbagtçylyga duçar bolan halkymyza uly goldaw boldy.

Mundan 73 ýyl ozal ýowuz tebigy hadysany başdan geçiren Aşgabat bu gün ak mermere beslenip, gündogaryň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi we indi sebitde parahatçylyk merkezi hökmünde tanalýar. Ỳer titremede wepat bolanlaryñ hatyrasyna Aşgabatda ýörite ýadygärlik guruldy. Şol ýadygärlikde her ýylyň 6-njy oktýabrynda halkymyz bu pajygaly wakada wepat bolanlaryň hatyrasynda gül desselerini goýýarlar.

Halkymyzyň «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan-beg» diýen parasatly pähimine eýerip, bu gün-ähli halk Matam gününde Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýatlama dessurlary berjaý edilýär, sadakalar berlip, metjitlerde aýat-dogalar okalýar.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, “Şehitlerimiziň hatyrasyny saklamak, ruhlaryny şat etmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr”.