logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ruhy taýdan galkynyşyň, tämizligiň, agzybirligiň baýramçylygy
  17.03.2024
551
Ruhy taýdan galkynyşyň, tämizligiň, agzybirligiň baýramçylygy

Oguz han atamyzyň döwründen bäri dowam edip gelýän gadymy Nowruz baýramy mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly dabara, şatlyk-şowhun, belent ruhubelentlik bilen bellenilýär. Türkmenlerde «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, Nowruz güni howa ýagyş-ýagmyrly, Nowruz gijesi asman bulutly bolsa, ýyl ygally bolýar. Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolýar. Nowruzda agaçlaryň çybyklarynda damjalar görnüp dursa, baglar miweli bolýar. Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolýar. Nowruzda howa yssy bolsa, ýylyň gurak gelmegine garaşylýar, şeýle hem Nowruzda geýen täze geýmiň bagt getirýär. Nowruzda eden arzuw-islegleriň hasyl bolýar» diýen birnäçe yrymlar ata-babalarymyz tarapyndan häzirki güne çenli dowam edip gelipdir.

 

Nowruz baýramyny Gündogar halklary täzelenişiň, päkligiň, agzybirligiň baýramy hökmünde dabaraly belläp geçýärler. Bahar paslynyň gülgüne lybasa girip, älem-jahana seýrana çykan pursadynda türkmen halky hem Nowruz baýramyny uly ruhubelentlik bilen belleýär. Nowruz ýaýlasynda baýramçylyk dabaralary geçirilip, milli oýunlar oýnalýar, hiňňildik uçulýar, şaman ody ýakylyp, ýagşy arzuwlar edilýär.

 

Nowruz baýramy baradaky maglumatlaryň ählisinde milletimiziň toý-baýramçylyk ruhy, agzybirlik we şahandazlyk däpleri jemlenýär. Bu baýramçylykda birek-birege myhmançylyga barlyp, duz-tagam dadylýar. Öýke-kineler unudylýar. Nowruz baýramy köpöwüşginliligi, taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy hem-de ruhy däp-dessurlary özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Nowruzda tebigat janlanyp, rysgal-döwletiň çeşmesi akyp, Zemin joşa gelýär. Semeni taýýarlamak Nowruz baýramynyň iň esasy dessurlarynyň biridir.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň ählumumy jemgyýetçilige bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

 

Sapargül AŞYROWA, 

Aşgabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň 
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.