logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /“Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler
  15.03.2022
1046
“Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

 

Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyny ýokary guramaçylyk ýagdaýda geçirmek baradaky möhüm resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler. Bu dabaranyň paýtagtymyzdaky “Ruhyýet” köşgünde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

 

Dabarany ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin döwlet topary döredildi.