logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Ruminýada türkmen harytlarynyň sergisi guralar
  10.03.2024
487
Ruminýada türkmen harytlarynyň sergisi guralar

Rumyniýanyň Prahow oblastynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Prahow oblastynda türkmen harytlarynyň sergisini guramagy teklip etdi. Bu barada ol Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew bilen duşuşygynda belledi.

 

 

Geçirilen gepleşikleriň esasynda Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada aýratyn bellenilip geçildi. Bu barada Türkmenistanyň Buharest şäherindäki ilçisi habar berdi.

 

 

Degişli ugurda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin Rumyn tarapyna Türkmenistanda şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň sanawyny gowşurdy. Prahow oblastynyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi. Duşuşygyň barşynda şeýle hem şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň saparyny guramak barada teklip beýan edildi. Taraplar türkmen-rumyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň beýleki meselelerine hem garadylar.

 

Şanazar GARRYBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.