logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak göz öňünde tutulýar
  23.03.2024
802
Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurduň medeniýet ministri bilen duşuşdy. 2024-nji ýylyň 20-nji martynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

 

Taraplar medeni hyzmatdaşlykda bar bolan ikitaraplaýyn şertnamanyň ähmiýetini bellediler we bu şertnamany bilelikdäki çäreleri guramak üçin oňyn esas diýip atlandyrdylar.

 

Rumyniýanyň wekiliýetleriniň şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapynyň guramagyndaky çärelere gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

 

Rumyniýanyň Medeniýet ministri, Rumyniýanyň medeni alyş-çalyş başlangyçlary boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdi. Bu birek-biregiň çärelerine gatnaşmagy we türkmen muzeýleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy öz içine alýar. Şeýle hem aýdym-saz, tans we teatr toparlarynyň ýurtlaryň paýtagtlaryna iki taraplaýyn baryp görmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin türkmen tarapy 2025-nji ýylda Türkmenistanda Rumyniýanyň medeni günlerini geçirmegi teklip etdi. Mundan başga-da, türkmen tarapy Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmagy teklip etdi. Duşuşyk Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky barha ösýän gatnaşyklary ösdürmekde medeni diplomatiýanyň ähmiýetine üns çekildi.

 

Yslam TYLLANUROW,

 

Türkmen döwlet binagärlik we

gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika

fakultetiniň dekany.