logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Rus edebiýatynyň meşhur ýazyjysy Tolstoý barada gyzykly maglumatlar
  28.12.2022
1566
Rus edebiýatynyň meşhur ýazyjysy Tolstoý barada gyzykly maglumatlar

Rus edebiýatynyň iň möhüm ýazyjylaryndan biri bolan Lew Tolstoý ýaşan ömrüniň dowamynda sansyz eserleri galdyrdy we bu eserleriň dürli dillere terjime edilmegi bilen, diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem-de dünýäde iň möhüm ýazyjylaryň biridigini mälim etdi. 

Tolstoýyň durmuşy adatdan daşary wakalardan doly. Geliň, Tolstoý barada käbir gyzykly maglumatlary has içgin öwreneliň! 

- Lew Nikolaýewiç Tolstoý 1828-nji ýylda doguldy we 1910-njy ýylda aradan çykýança sagdyn we işjeň ýaşady.

- Lew Tolstoýyň ilkinji romany 1852-nji ýylyň noýabr aýynda ýazylan «Çagalyk» bolup, onda Tolstoýyň öz çagalyk ýyllarynda ejesini we kakasyny ýitirişi we garyndaşlarynda önüp-ösüşi beýan edilýär.

- Tolstoýyň çagalykdan başlan dil we edebiýata bolan gyzyklanmasy onuň tutuş ömrüniň dowamynda dowam edipdir. Ol ene dilinden başga-da iňlis, fransuz we nemes dillerinde erkin gürläp grek, latyn, ispan, italýan, türk we bolgar dillerinde ökde okap we ýazyp bilipdir. Ol aradan çykan wagty kitaphanasynda 39 dürli dilde ýazylan 23 müňden gowrak eser bar eken.

- Tolstoý söhbet etmegi we ýazmagy gowy görüpdir. Emma onuň ýazan hatlaryny okamak kyn bolupdyr.

- Tolstoý bilen aýalynyň arasyndaky ýaş tapawudy 16 ýyl bolup, olar gynansak hem agzala ýaşaşypdyrlar.

- 1906-njy ýylda Russiýanyň Ylymlar akademiýasy Tolstoýy edebiýat boýunça Nobel baýragyna dalaşgär hökmünde teklip edýär. Emma Tolstoý Nobeliň edebiýat baýragyndan ýüz öwürýär.

- Meşhur ýazyjynyň dürli döwletlerden hat-alşyp berişýän dostlary bolupdyr.

 

Murtaza MUSTAPAJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.