logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Rus kompaniýasy Türkmenistandaky ýerasty baýlyklary gözlär!
  30.01.2023
1245
Rus kompaniýasy Türkmenistandaky ýerasty baýlyklary gözlär!

Russiýanyň geologiýa gözleg kompaniýasy bolan «Rosgeologiýa» Türkmenistanyň ýerasty baýlyklaryň gözleg işlerini alyp barmagy meýilleşdirýär. Bu barada, Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynda bellenilip geçildi.

Işewürlik maslahatyna «Rosgeologiýa» kompaniýasynyň başlygy Sergeý Gorkow gatnaşdy we ol «Türkmengeologiýa», «Türkmengaz», «Türkmennebit» we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.   

Duşuşygyň dowamynda Türkmen tarapy ýerasty baýlyklarynyň gözleg işlerini «Rosgeologiýa» kompaniýasy bilen bilelikde işjeň alyp barmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.   

Sergeý Gorkowyň aýtmagyna görä, «Rosgeologiýa» kompaniýasy Türkmenistana ýerasty baýlyklary (uglewodorodlary we gaty jisimleri) gözlemek ugrunda hyzmatdaşlygy, ýurtda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak we infrastruktura ýaly dürli taslamalar üçin ýeri öwrenmek işlerine kompaniýanyň gatnaşmagyny teklip etdi.

Belläp geçsek, türkmen-rus işewürlik maslahaty 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin gatnaşdy. Işewürlik maslahaty 200-den gowrak rus we 150-den gowrak türkmen işewürini bir ýere jemledi.