logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Rus kosmonawty Waleriý Polýakow 80 ýaşynda aradan çykdy
  21.09.2022
1039
Rus kosmonawty Waleriý Polýakow 80 ýaşynda aradan çykdy

Rus kosmonawty Waleriý Polýakow 80 ýaşynda aradan çykdy. Ol kosmosda 437 gün bolup rekord goýan kosmonawtdy.


Waleriý Polýakow 1994-1995-nji ýyllar aralygynda 14 aýlap kosmosda Mars bilen baglanyşykly birnäçe ylmy derňewleri alyp bardy. Şol döwürde Polýakow dünýäniň daşyndan 7 müň gezek aýlandy. Birnäçe ylmy gözleglerden, synaglardan we derňewlerden soň Polýakow 2001-nji ýylda pensiýa çykdy.


Russiýanyň kosmos gullugy «Roskosmos» Sowet Soýuzynyň Gahrymany Waleriý Polýakowyň aradan çykandygy baradaky habary berdi. Emma Polýakowyň näme sebäpden aradan çykandygy aýan edilmedi.