logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Russiýa we Türkiýe türkmen ýüplügine uly isleg bildirýär
  10.01.2023
881
Russiýa we Türkiýe türkmen ýüplügine uly isleg bildirýär

Russiýa Federasiýasynyň we Türkiýe Respublikasynyň dokma kärhanalary Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde öndürilen ýokary hilli ýüplüklere uly isleg bildirýärler. Şeýle bolansoň, fabrik geçen ýylda 20 million 72 müň 679 manatlyk önümi daşary ýurtlara eksport etdi.

Şeýlelikde, kuwwatly kärhananyň ýylyň dowamynda alan girdejisiniň deň ýaryna golaýy eksport bazaryndan gelip gowuşdy. Fabrigiň nah ýüplüklerinden geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 38 million manatlyk girdeji almak göz öňünde tutulan bolsa, alnan girdeji 50 million manada golaýlady.

Ýüplükleriň eksportdan galan bölegi ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna ugradylyp, soňra taýýar önüm görnüşinde içerki we daşarky bazarlara çykaryldy.