logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy okuw wizasy üçin ýüz tutýan talyplar üçin «göni» nobatlary ýatyrýar
  15.11.2022
1804
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy okuw wizasy üçin ýüz tutýan talyplar üçin «göni» nobatlary ýatyrýar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan okuw wizasy üçin ýüz tutýan talyplar üçin «göni» nobatlary ýatyrýar. Bu düzgün beýleki raýatlara hem degişlidir.

Ilçihana kabul edişligiň elektron nobat arkaly geçiriljekdigini mälim edýär. Şeýle hem,  diplomatik wekilhana wiza üçin ýüz tutýanlary hasaba almak üçin wagtlaýyn ýerleriň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň «Telegram» kanalynda habar berilýär.

Konsullyk bölümi iş günleri sagat 9:30-dan 16:00-a çenli kabul edýär.

Sorag-jogap gullugy: +99312 940741.