logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Rysgally gap» hususy kärhanasy sintetiki haltalaryny daşary döwletlere eksport edýär
  16.11.2022
1127
«Rysgally gap» hususy kärhanasy sintetiki haltalaryny daşary döwletlere eksport edýär

Çärjew etrabyndaky «Rysgally gap» hususy kärhanasynda her günde ýokary hilli sintetiki haltalaryň müňlerçesi öndürilýär. Kärhanada Hytaý Halk Respublikasynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Hususy kärhanada polipropilenden öndürilen haltalar senagat harytlaryna, polietilen haltalar bolsa azyk önümlerine niýetlenilendir.

Önümçilikde zerur bolan çig mal Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Bu döwrebap hususy kärhanada hünärmenleriň 40-a golaýy zähmet çekýär. Işler doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. «Rysgally gabyň» taýýar önümleri ýurdumyzyň içerki bazary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Ukraina ýaly döwletlere-de eksport edilýär.