Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Saçak başynyň edebi
  15.11.2022
3125
Saçak başynyň edebi

Milliligi kalbyna hem ruhy dünýäsine siňen halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýörelge edilip gelnen milli däp-dessurlary, urp-adatlary bolup, olar wagtyň geçmegi bilen has-da baýlaşypdyr. Şeýle milli däpleriniň biri-de saçak başynyň edebidir. Edil jemgyýetçilik ýerlerinde bolşy ýaly, saçak başynyň hem özüne laýyk edep kadalary bardyr. Türkmençilikde supra başynda ulynyň uly, kiçiniň hem kiçi ýerinde öz edebi bolupdyr. Sebäbi saçagy mukaddeslik hasaplaýan halkymyz ony döwletlilik hökmünde sarpalapdyr. Supra başynda töwir galdyrmagyň hem öz edebi bar. Töwir galdyrmak hemişe ýaşululara ynanylyp, ol ula sylag-hormatdan nyşandyr. Halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarda bütin maşgala bolup, bir supranyň başyna jemlenmek maşgalada agzybirligini alamatlandyrypdyr. Nahara ilki ulularyň başlamagy halkymyzda ula hormat goýmagyň iň belent nusgasyny aňladypdyr. Nahar wagty, mümkin boldugyndan, ümsümligi saklamaga çalşyp, ýerliksiz şowhun döretmek oňlanylmandyr. Halkymyzyň arasynda «Görk agyzdan» diýen aýtgy hem ýöne ýere döremedik bolsa gerek. Wagtly-wagtynda, dogry iýmitlenmek ynsany gözelleşdirýär, sagdyn saklaýar. Alyşyr Nowaýynyň «Beden keselleriniň esasy köp iýmekdendir, köňül keselleriniň esasy köp diýmekdendir», «Az diýmek paýhasa sebäpdir, az iýmek saglyga sebäpdir», diýen parasatly setirlerini mydama saçak başynda ýatlap durmaly. Biziň halkymyzda öý-içerini arassa saklamak, tikin‑çatyn işleri, tagam taýýarlamak, saçak bezemek, esasan, zenanlaryň, gelin-gyzlaryň gerdenine düşýär. Bu meselede olara esasan hem enäniň görüm-göreldesi, öwüt-nesihatlary möhüm bolupdyr. Her bir türkmen zenanynyň öz gyz perzentlerine öwredýän edep‑ekramynyň, görüm-göreldesiniň içinde nahar taýýarlamak, saçak ýazmak edebi hem esasy orny eýeleýär. Tagamy datly hem-de arassa taýýarlamagy sungat derejesine ýetiren ene-mamalarymyz bu ýörelgäni nesilden‑nesle geçirip gelipdirler. Il arasyndaky «Gyz eneden görelde almasa, saçak ýazmaz» diýen nakyl gyz maşgala üçin ýol-ýörelge bolupdyr. Ene tarapyndan tagam taýýarlamagyň edebi gyzyň çagalyk döwründen öwredilip başlanypdyr. Tagam taýýarlananda ilkinji nobatda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi gyz perzentleriň aňyna guýlupdyr.

Umuman, saçak başynyň hem özboluşly edep-kadalary bolup, ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän bu milli däplerimizi, ýörelgelerimizi sarpalap, ony berjaý etmek ýaş nesiller üçin mukaddes perzentlik borçdur.

 

Çeper RAHMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.