logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /«Saçly» kaktus
  17.06.2023
988
«Saçly» kaktus

Esfostoa – (Esphostoa) – ak, kaktuslara degişli bolup, tebigy şertlerde ýaşaýyş şekili boýunça gyrymsy agaçdyr. Onuň daşyny gurşap alýan ak ösüntgileri «saçy» ýada salýar. Şonuň üçin hem oňa halk arasynda «Saçly» kaktus diýlip aýdylýar. Bu kaktusyň ýaýran ýerleri Ekwatoryň we Perunyň merkezi ýerleri hasaplanýar. Bu maşgala  16-dan gowrak görnüşi öz içine alýar. Esfostoa kaktuslarynyň boýy  ýabany tebigatda 5 metre ýetýär. Ýöne häzirki wagtda ol bezeg hökmünde öý şertlerinde hem ösdürilýär. Onuň daşyndaky ak reňkli ösüntgileri ösümligi aşa gyzmakdan goraýar. «Saçly» kaktusyň  gülleri gülgüne we ak reňkde bolup, diňe gijesine açylýar.

Esfostoa kaktusyny mör-möjeklerden, daşky gyjyndyryjylardan goraýan, daşyndaky ak tüýleri pagta ýüňüne meňzeýär. Bu ösümlik idegede örän ökdedir. Kaktuslaryň bu görnüşe degişli bolan wekilleriniň iňňeleri üýtgeşik bolýar, ýagny käbirlerinde egrelen, döwlen we çişen görnüşlerde bolýar. Ulalan saýy onuň ýüňe meňzeş saçlary tikene öwrülip başlaýar. Şonuň üçin onuň bilen ýakyn gatnaşyk saklamak howply hasaplanýar.

Esfostoa kaktusy suwy az talap edýär, seýrek suwarylýar we baldak bilen örtülen tikenler kaktusa göni gün şöhlesiniň ýokary gyzgynlygyndan goranmaklyga ýardam berýär. Ol gün şöhlesini gowy görýär we onsuz özüni gaty erbet duýýar. Onuň üçin oňaýly temperatura  ortaça 22-23 gradus,  käbir şertlerde bolsa 30 gradusa çenli ýetip bilýär. Temperaturanyň aşa beýik bolmagy, onuň gülleriniň solmagyna getirýär.

Saçly kaktus gury, ýumşak topragy halaýar. Şonuň üçin bu ösümlik öý şertlerinde ösdürilende suw basmagy onuň üçin howply hasaplanýar. Kaktuslar suwlanan mahaly tikenlerine we tüýlerine suw degirmek bolmaýar olaryň guramagyna getirýär. Şeýle hem dökünleriň köp berilmegi hem onuň kökleriniň çüýremegine alyp gelýär. 

 

Akmyrat ÇARYÝARGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.