logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Şadyýan bäsleşik
  11.03.2022
986
Şadyýan bäsleşik

Gün saýyn gülleýän, gül açýan mähriban Diýarymyzda pasyllaryň soltany bolan bahar paslyny gyzykly, şowhunly bäsleşikdir, çäreler bilen garşylamaklyk däbe öwrüldi. Şeýle däpleriň biride, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde “Milli bahar” baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň       2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2022” atly şadyýan bäsleşigi yglan boldy.

Ýagny, Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgüniň owadan bezelen zalynda, “Iň eýjejik gyzjagaz-2022” atly bäsleşigiň Ahal welaýatynyň etrap tapgyrlarynda 1-2-nji orunlara mynasyp bolup gelen gyzlaryň gatnaşmagynda welaýat tapgyry geçirildi. Bu ýere ýygnanan bäsdeşler çäre işjeň gatnaşyp, çäräniň çekeleşikli, şowhunly geçmegine hersi öz goşantlaryny goşdular. Zehinli okuwçylar tarapyndan aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, türkmen gözelleriniň görküne görk goşýan milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek we ýaş aýratynlygyna görä enelerimizden miras galan el işlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Gyzykly we joşgunly geçen bäsleşigiň jemi eminler topary tarapyndan adalatly jemlenip, 1-nji orna Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Oguljeren Ýazgeldiýewa we 2-nji orna welaýatyň Gökdepe etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň 3-nji synyp okuwçysy Aýperi Mämiýewa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda, TMÝG-niň Ahal welaýat geňeşi tarapyndan taýýarlanan ýörite sowgatlar we hormat hatlar gowşuryldy.