logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /ŞADYÝAN ÇAGALARYŇ ŞATLYGY
  26.12.2019
1367
ŞADYÝAN ÇAGALARYŇ ŞATLYGY

      Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli belent joşguna beslenen aýdym-sazly dabaralar  geçirilýär.  Türkmen döwlet gurjak teatrynda hem şeýle baýramçylyk dabaralaryň biri geçirilip, ol köp öwüşginli tomaşalara beslendi. Oňa welaýatymyzyň günbatar sebit etraplaryndan bagtyýar çagalar gatnaşdy.

    Ýaş nesliň wekilleri teatryň eýwanyndaky  bezemen arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyrylan dabara goşuldylar.  Erteki gahrymanlarynyň keşbine giren teatr artistleri özleriniň täsirli çykyşlary bilen çagalaryň göwnüni göterdiler. Bagtyýar ýaş nesliň wekilleri olar bilen birlikde, arçanyň töwereginde döwre gurap, tans oýnadylar, gyzykly oýunlary ýerine ýetirdiler.  

     Aýazbaba we Garpamyk hem bu ýerdäki tomaşalara goşulyp, çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdular. Aýazbaba jadyly sözler bilen, baýramçylyk arçasynyň yşyklaryny ýakmagy bilen, aýdym-sazly çykyşlary owazy has belende göterildi. Täze ýylyň buşlukçylary Aýazbabadyr Garpamyk bu ýere ýygnanan çagalara baýramçylyk sowgatlaryny paýladylar.

     Soňra Aýazbaba çagalar bilen teatryň giň eýwanyna aýlandy, ol ýerdäki täsinlikler we gözellikler bilen tanyşdy. Teatr bilen tanyşlykdan soňra, hemmeler bilelikde gurjak oýnuna tomaşa etdiler.