logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Şadyýan nesil aladasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  31.05.2023
593
«Şadyýan nesil aladasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda  Kaka etrap häkimliginde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Şadyýan nesil aladasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynyň ýaş hünärmenleri hem-de KA-nyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler döwletimiziň  «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ene bilen çaganyň saglygyny goramaga, körpe nesilleriň sagdyn ösmekleri, bilim-terbiýe almaklary, sport bilen meşgullanmaklary, oýnamaklary, dynç almaklary üçin ýörite bina edilýän desgalar, mekdebe çenli bilim edaralarynyň ösdürilmegi zenanlara öz hünär başarnyklaryny has gowy durmuşa geçirmäge, ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berdiler. 

 

Bahar ÄRNEPESOWA, 

Türkmenistanyň  Kärdeşler
arkalaşyklarynyň   Kaka etrap 
birleşmesiniň kätip-kompýuterçisi.