Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Şadyýan tomus-bagtyýarlyk çagalyk
  01.07.2020
528
Şadyýan tomus-bagtyýarlyk çagalyk

       Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Bu dynç alyş günleri mekdep okuwçylary üçin örän ähmiýetli we olar üçin iň bir köp garaşylýan günlerdir. Okuw döwrüniň hysyrdyly günlerine nokat goýýan “Soňky jaň” dabarasyny hem-de synpdan-synpa geçiriş we sepgit synaglaryny üstünlikli tamamlan okuwçylaryň çaga göwünleriniň indiki bir aladasy, olaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ajaýyp pursatlaryny, ýagny tomusky dynç alyş günlerini gyzykly geçirmekdir. Çagalaryň oňat dynç almaklary üçin döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Okuwçylaryň dynç alýan wagtlaryndaky her bir şadyýan pursatlary olaryň ýadyndan çykmajak derejede geçirilmegi, çagalary  täze okuw ýylynda oňat okamaga, elmydama göreldeli bolmaga ruhlandyrýar. Şonuň üçin bilim ulgamynyň işgärleri tarapyndan çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň geçirlişine-de uly üns berilýär. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň talabalaýyk guralmagy barada döwlet derejesinde oňyn çözgütler kabul edilýär.Çagalaryň dynç alyş günleriniň ýörite iş meýilnamasy işlenip, düzülip onda bagtyýar çagalarymyzyň 3 tapgyra bölünip şadyýan dynç almaklary göz öňünde tutulandyr. Bu üç tapgyryň 1-nji tapgyry 2-nji iýundan öz işine başlady. Ahal welaýat häkimligine degişli bolan, Gökderedäki “Bagtyýar nesiller” sagaldyş we dynç alyş öýüne-de mekdep okuwçylary dynç almaga kabul edildi.Şol bagtyýar çagalaryň arasynda Gökdepe etrabyndan hem 5 çaga dynç alýar. Mundan başga-da etrabyň orta mekdeplerinde döredilen çagalar sagaldy-dynç alyş meýdançalary hem öz gapylaryny giňden açdy. Şu günler bu meýdançalarda çagalaryň oňat dynç almaklary üçin ähli zerur çäreler görülýär. Çagalar wagtly-wagtyna naharlanýarlar, salkyn howada türkmen milli oýunlaryny oýnaýarlar, günüň yssy wagtlary bolsa,  ähli amatlyklary bolan synp otaglarda küşt, şaşka we düzzüm ýaly gyzykly oýunlary oýnaýarlar.Şeýle hem çagalara daşary ýurt dillerini öwretmek, surat çekmek, matematika ýaly derslerden höweslendiriji, döredijilik sapaklary guralýar.Çagalaryň dynç alýan wagtlary oňat ukylaryny almaklary üçin döredilen şertler hem aýratyn bellemäge mahsusdyr.