logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /"Sag bol!"- Aşyrmät GARLYÝEW
  28.08.2023
667
"Sag bol!"- Aşyrmät GARLYÝEW

Dynç alman gözlän sözlerim,
Kelama geldiňmi, sag bol!
Ynjalman sözlän gözlegim,
Deňäme geldiňmi, sag bol!

 

 

«Kim dözse-de men dözmenem
inkäre» – diýip gözlenen,
Idäp geldiňmi, dözmezim,
Salama geldiňmi, sag bol!

 

 

Duýguňy gördüm gijeler,
Pikriňi ýordum  gijeler,
Bar ekeniň-ä bije-de,
Jemala geldiňmi, sag bol!

 

 

Gam bardyr gülýänlerde-de,
Nem bardyr solýanlarda-da,
Ýazma, ýazman bilýän bolsaň,
Hamala, geldiňmi, sag bol!

 

 

Zehin öz-özüni iýýär,
Millet kämilleri düýnär,
Aşyk Aýdyň pirim diýýär:
«Permana geldiňmi sag bol!»

 

 

Oglanlykda oýnap gördüň,
Ýaz doňup, gyş gaýnap gördüň,
Indi näme aýnap ýörsüň,
Kemala geldiňmi, sag bol!