logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Sagdyn beden - sagdyn ruh
  18.01.2024
822
Sagdyn beden - sagdyn ruh

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň iri merkezleriniň biri hökmünde giňden tanalýar. Milli we halkara ýaryşlarda işjeňlik görkezýän türkmen türgenleriniň gazanýan abraýly üstünlikleri bu ulgamda alnyp barylýan çäreleriň netijeliligini aýdyň görkezýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen ýylymyz hem turuwbaşdan sport ýaryşlaryna beslenip, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy bilen tapawutlanýar.      

 

 

Täze belentliklere eýe bolýan türkmen sporty häzirki wagtda ozal görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslenýär. “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly Uniwersiadanyň oýunlaryny ýylyň-ýylyna geçirmeklik indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Diýarymyzda döwrebap we halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň düzümi döredilýär hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň depgini günsaýyn güýçlenýär.

 

 

Ýurdumyzda şeýle şertleriň döredilmegi diňe bir ýaşlar babatynda däl-de, eýsem uly ýaşly, dürli pudaklarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň sagdyn ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň bimöçberdigini aýdyň görkezýär.  

 

 

Watansöýüji, berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Sahyt ATADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.