logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Sagdyn bedende – sagdyn ruh
  04.02.2021
1140
Sagdyn bedende – sagdyn ruh

       Islendik jemgyýetiň kämilligi beden we ruhy sagdynlykdan başlanýar. “Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz”, “Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok” we “Bar zadyň sakasy – saglyk” diýen ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne atalar sözlerine eýerip, ynsanyýetiň iň gymmatly baýlygy, ähli zadyň sakasy bolan saglyk barada uly aladalar edilýär.

       Bu ugurda Ahal welaýatynyň çägindäki Tejen derýasynyň boýunda, Sarahs ýolunuň ugrunda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen 120 orunlyk “Dikeldiş” merkeziniň hyzmatyndan, bu günki-gün raýatlarymyz öz islegleri boýunça netijeli peýdalanýarlar. Şonuň bilen baglanyşykly öwüt-ündewleri etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bu merkezdäki saglygyny dikeltýänlere arassa ahlakly, päk ruhly, zähmeti söýüp, halal ýol ýöremegi, ýaşaýyşa höwesli, manyly we döredijilikli ýaşamaklary barada häli-şindi öwüt-nesihatlaryny berip durýarlar. Şonuň üçin hem bu ýerde raýatlary nesihatlar bilen terbiýelemek meseleleri däl-de, eýsem bejergi alýan raýatlarymyz diňe bir lukmançylygyň talaplaryna laýyklykda derman serişdeleri bilen bejerilmän, zähmet çekmäge dahylly usullar hem peýdalanylýar.

Ol ýerde ýyladyşhanalarda gök we miweli ekinleriň birnäçesi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar ýygylyp şu merkeziniň näsaglarynyň milli tagamlardan we gök-önümlerde ybarat saçaklaryny bezeýär. Şol ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän önümleriniň arasynda hyýar, pamidor we bolgar ýaly önümleri ösdürip ýetişdirilýär.