logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /SAGDYN BEDENDE - SAGDYN RUH
  22.05.2023
2943
SAGDYN BEDENDE - SAGDYN RUH

Gahryman Arkadagymyzyň halkyna peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli  gowulandyrmak iň ýokary ileri tutýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary içinde ýetilen sepgitler muňa buýsançly subutnamadyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleriniň netijesinde hil babatda halkara kadalaryna laýyk gelýän, ösüşleriň ak ýoluna düşen milli saglygy goraýyş ulgamynyň berk binýady döredildi. Bu bolsa, öz nobatynda halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmaga, dürli keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Saglygy goraýyşa sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda alyp barylýan tutumlaryň oňyn netijeleri barada hem nygtamak gerek. Munuň özi ilkinji nobatda, dünýä lukmançylykda gazanylýan öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Tejribeleriň döwrebap tehnologiýalaryň ulgama  ornaşdyrylmagynyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň dowamly ösüşini üpjün etjekdigi düşnüklidir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz döwlet derejesinde ähli mümkinçilikleri döredýär. Netijede, Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk şahsy göreldesi arkaly Berkarar Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmakda, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmakda gymmatly durmuş ýörelgeleri kemala geldi.

 

Annamyrat ANNADOW,

Myrat Garryýew adyndaky 
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň
guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri,
l/g podpolkownigi.