logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Sagdyn bolaýyn diýseňiz
  17.01.2022
934
Sagdyn bolaýyn diýseňiz

Ynsan saglygyny goramak üçin iýmit arassa bolmalydyr hem-de onuň hiline aýratyn üns berilmelidir. Käbir önümleriň saglyga ýaramaz täsir edýän wagtlary hem bolýar. Şoňa görä-de, saglyk üçin peýdaly önümleri saýlamaly. Hurma, erik, garaly, pomidor, käşir saglyga peýdaly bolup, howply çişleriň öýjükleriniň garşysyna göreşmäge ukuplydyr. Keselleriň öňüni almak üçin gündelik iýmitde gök önümleriň we miweleriň bolmagyny gazanmaly.

Limony howanyň salkyn, sowuk günlerinde köpräk iýmeli. Ol ýokanç kesellere garşy göreşiji hökmünde meşhurdyr. Şonuň üçin adam sowuklan, dümewlän halatynda, limon garylan bally çaýy köpräk içmeli. Dümewiň öňüni almak üçin, kadaly iýmitlenmek, esasan-da, C witaminine baý önümleri iýmek maslahat berilýär. Limonyň düzümindäki C witamini bedeni ysgyna getirýär, oňa güýç kuwwat berýär, adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny, işjeňligini artdyrýar, şähdini açýar. Gandaky, damarlardaky kesel dörediji mikroblary ýok edýär, bedeni arassalaýar.

Limonly gök çaý demlenip içilende, ýadawlyk aýrylýar. Nerw ulgamyny rahatlandyrmakda, ukusyzlykda, gahary we ýadawlygy aýyrmak limony kabul etseňiz, peýdasy kändir. Onuň şiresi adamyň ýüzünde döreýän menekleri, tegmilleri aýyrmakda hem ulanylýar. Limondan taýýarlanylýan turşy içgiler iýmit siňdirişde, ýürek bulanmasynda, bagyr we böwrek, ýürek-damar kesellerinde, sowuklamada bire-bir emdir. Şeýle-de bu önüm beden boşlugyndaky suw ýygnanma kesellerinde, garamyk, gyzamyk, sarygetirme, inçekesel ýaly dertlerde, aşgazan, garyn-içege kesellerinde, gury agyryda, bogunagyryda, bilagyryda, ganazlykda örän peýdalydyr.