logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Sagdyn durmuş ýörelgesi we nesil terbiýesi
  25.10.2020
1369
Sagdyn durmuş ýörelgesi we nesil terbiýesi

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany” ýylynda sagdyn durmuş ýörelgeleri biziň jemgyýetimizde barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarymyzyň berk bedenli we sagdyn ruhly, ýokary aň-düşünjeli kämil bolmaklaryny gazanmak şeýle-de ýaşlaryň arassa ahlakly bolmaklary, ýüze çykýan nogsanlyklardan, bidüzgünçiliklerden, jenaýatçylykly hereketlerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrap polisiýa bölüminiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýörite tassyklanylan meýilnamalaryň esasynda etrabyň bilim ulgamynyň edaralarynda “Arassa, ruhy tämiz halk beýikdir” atly şygarlar bilen terbiýeçilik ähmiýetli  wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

Etrabyň 18-nji orta mekdebinde guralan wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Oňa mekdebiň bilim işgärleri we ýokary synplaryň okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň sagdynlyk ýörelgelerini biziň durmuşymyza ornaşdyrmakda amala aşyrýan özgertmeleri, we ýetilen ösüşlerimiz, gelejegimiziň eýeleri boljak ýaşlaryň ruhy-ahlak, beden taýdan sagdyn, ruhybelent, döwrebap bilimli we hünärli adamlar edip ýetişdirmekde edýän taýsyz tagalalary hakynda buýsanç bilen durup geçdiler. Netijeli geçen wagyz-nesihat duşuşygy özüniň terbiýeçilik ähmiýeti bilen ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Wagyz-nesihat duşuşygynda işjeň pikiralyşmalara, sowal-jogap alyşmalara giň orun berildi.