Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /SAGDYN JEMGYÝET – BERKARAR DÖWLET
  31.03.2020
513
SAGDYN JEMGYÝET – BERKARAR DÖWLET

        “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly halkymyzyň saglygyny goramak babatynda hem tutanýerli işler alnyp barylýar. Babadaýhan etrabynda hem halk köpçüliginiň arasynda, edara-kärhanalarda adamlaryň saglygyny goramak, döräp biljek ýokanç kesellere garşy meýilnamalaýyn esasda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Ýakynda etrap medeniýet öýünde “Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet” diýen at bilen etrap bilim bölüminiň işgärleriniň, mekdep-çagalar baglarynyň müdirleriniň, etrap medeniýet bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat işleri geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler dünýade adam saglygyna howp salýan ýokanç keseller barada, onuň öňüni alyş çäreleri barada anyk mysallaryň üsti bilen nygtaldy.

         Bu ösümligiň tüssesiniň adamyň saglygy üçin howply bolan bakteriýalary gyrmak häsiýetiniň ylmy esasda düşündirildi.      Maslahatda  pederlerimiz atalar sözleriniň, nakyllaryň, yrym-ynançlaryň üsti bilen, ýaş nesle akylly-başly bolmagy, päkizeligi, halallygy öwredipdir. Gymmatly ýörelgä we milli däp-dessurlara öwrülip galan durmuş tejribeleri bolsa arassa, halal, sagdyn ýaşaýşyň gönezligini kemala getiripdir. Milli tebipçiligiň emleri şypaly çaýlarda, iýmitlerde, dermanlyk otlarda saklanyp galypdyr. Şolaryň biri hem üzärlikdir. Üzärligiň halkymyzyň durmuşynda uly orny bar. Ol türkmen halkynyň durmuşynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Bu tebigy otuň täsin goraýjy häsiýete eýedigine ynanan ata-enelerimiz ony çogdamlap, öýüň görnükli ýerinde, daşky gapyň ýokarsynda asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini öýüň içine we daş-töwerege ýaýradypdyrlar, nähoşlan adamyň başynyň üstünden aýlapdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmeniň öýünde bu ösümliginiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň,mör-möjekleriň we ýylanlaryň gaçýandygy subut edildi.

           Türkmen tebigatynyň melhemlik häsiýetleri “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaplarynda, “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitabynda hemmetaraplaýyn beýan edilýär.

         Duşuşyk ýygnagynda bulardan başgada ähli edaralar bilen bir hatarda bilim terbiýeçilik edaralarynda arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmegiň talaplary barada, şeýle hem adamyň jan-saglygyna zyýan ýetirýän zatlar hakynda, esasan hem etrap hassahanasynyň bölümlerinde, oba saglyk merkezlerinde we öýlerinde, sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilşi, zyýansyzlandyryjy serişderleriň ulanylşy hakynda bellenip geçildi.