logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady
  16.01.2026
888
Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady

Saglyk jemgyýetiň iň gymmatly baýlyklarynyň biridir. Adam saglygynyň berk bolmagy diňe bir şahsy abadançylygyň däl, eýsem jemgyýetiň ykdysady we durmuş ösüşiniň hem möhüm şertidir. Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, keselleriň öňüni almak we saglyk medeniýetini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.


Dogry iýmitlenmek, fiziki işjeňlik we ukynyň kadaly bolmagy saglygyň esasy düzüm bölekleridir. Yzygiderli hereket etmek bedeniň immun ulgamyny berkidýär, ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligini peseldýär we işjeň ýaşaýyş depginini üpjün edýär. Şeýle hem psihologik durnuklylygy saklamak, stressden gaça durmak saglygyň möhüm taraplarynyň biridir.


Şonuň üçin-de jemgyýetde saglyk baradaky düşünjäni ösdürmek, ýaş nesliň sagdyn endiklere ugrukdyrylmagy döwlet we jemgyýetçilik derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Sagdyn adam — sagdyn jemgyýetiň we berk geljegiň kepilidir.

Aýbölek GYLYÇLYÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniweristetiniň talyby.