logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Sagdyn nesliň aladasy
  21.04.2020
823
Sagdyn nesliň aladasy

   Babadaýhan etrabyndaky 18-nji orta mekdepde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň,  bilim bölüminiň bilelikde guramagynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen okuwçy ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. „Sagdyn nesil –bagtyýar gelejegimiz“ diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy Şageldi Baýramow alyp bardy. Ol „Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan“ ugur alnyp, halkymyzyň saglygyny berkitmek, ýaş nesillerde sporta bolan söýgüni döretmek babatda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi.

   Beýleki çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň rowaçlanyşy, onuň ylmy gözleglerinden dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli gymmatly eseri diňe halkymyzda däl, eýsem dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Şol kitapda orun alan derman ösümlikleriniň biri-de üzärlikdir.Üzärlik otunyň halkymyzyň gadymdan gelýän ynançlary, onuň halk lukmançylygynda tutýan mynasyp orny, ulanylyşy dogrusynda öwüt-ündew häsiýetli çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Gyzykly geçen duşuşykda sowal-jogap alyşmalara giň orun berildi. Duşuşykda saglyk hakda baý mazmunly edilen söhbetdir diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi.

   Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çäresi etrabyň 3-nji, 5-nji, 13-nji orta mekdeplerinde hem geçirildi.