logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Sagdyn we howpsuz iş şertleri
  06.02.2023
1009
Sagdyn we howpsuz iş şertleri

Ýakynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ilkinji guramasynyň bilelikde gurnamagynda kärhananyň işgärleriniň arasynda «Zähmeti goramak-sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Geçirilen wagyz-nesihat çäresinde Tejen etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň direktory W.Akmaýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy G.Sähedow, etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Hojaberdiýew hem-de kärhananyň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça hünärmeni N.Güjükow dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda 2023-nji ýylyň pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, etrabyň çäginde pagta ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri hem-de möwsümde zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalaryň, ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň hem-de hünär keselleriniň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilişi dogrusynda belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirip, onuň janynyň sag, başynyň dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni
.