logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi
  04.04.2020
793
Sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi

    Şu günler Ahal welaýatynyň şäherdir etraplarynda, edara-kärhanalarda “Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir” ady bilen okuw maslahatlary geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tassyklan meýilnamasy esasynda guralýan okuw maslahatlara zähmetkeşler işjeň gatnaşýar. 

       “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanan okuw maslahatlaryň esasy maksady Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamalaýyn wezipelerini berjaý etmekden, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakdan, zähmetkeşleriň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmekden hem-de täze özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, zähmet toparlarynda şu aýyň dowamynda geçilýän okuw maslahatlaryň barşynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat,  etrap-şäher birleşmeleriniň wekilleri edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda bolup,  olarda zähmeti goramak boýunça kadalary, düzgünleri berjaý etmek, şol sanda  guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň, gözükdirijileriň göwnejaý ýöredilişi, şeýle-de önümçilikde ýüze çykýan dürli hadysalaryň öňüni almak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşýarlar.

      Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan okuw maslahatlaryň çäginde öňdebaryjy zähmet toparlary ýüze çykarylýar hem-de olaryň degişli hünärmenleri sylaglanylýar.