logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçiriler
  17.07.2025
792
Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçiriler

2025-nji ýylyň 10–12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen türk kompaniýasy “Net Fuar Organizasyon Ltd. Sti” tarapyndan bilelikde guralýar.

 

Sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň, telekeçileriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Çäräniň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyndaky enjamlar, gurallar, anyklaýyş tehnologiýalary, kliniki merkezleriň işläp taýýarlamalary bilen bir hatarda, bilim we sport ulgamlary boýunça iň täze tehnologik çözgütler tanyşdyrylar.

 

Aýna Nurmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.