Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Saglygymyzy goralyň
  28.06.2021
589
Saglygymyzy goralyň

    Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak möhüm wezipeleriň biridir. Saglyk döwlet maksatnamamyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde saglygy goraýyş işgärleri öňde goýlan maksatlary we wezipeli işleri ýerine ýetirmek ugrynda netijeli işleri amala aşyrylýar. Ýagny, ýaşaýşyn iň esasy wajyp meseleleriniň biri döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy bolup durýar.

   “Lukmançylykda keselleriň öňüni almak, ony bejermekden möhümdir”. Döwletimizde TSG we DSM-niň buýryklaryndan, görkezmelerinden we gollanmalardan ugur alyp ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarynda arassaçylyk talaplaryny berjaý etmegiň hem-de gündelik zyýansyzlandyryş işleri geçirmek, ýokanç keselleri döredijileriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen etrap A we KÝGGG-yň hünärmenleri tarapyndan etrabyň çäginde ilatyň köpçülikleýin ýygnanýan ýerlerinde ýörite himiki serişdelerden taýýarlanylan serişdeler arkaly zyýansyzlandyryş çäreleri geçirilýär. Şeýle-de, gullugyň hünärmenleri tarapyndan raýatlaryň arasynda 2 metr aralygy saklamak, edara kärhanalaryň girelgelerinde aýakgaplary zyýansyzlandyrmak üçin zyýansyzlandyryş erginli düşekçeleri goýulmagynyň we olary yzygiderli zyýansyzlandyrjy erginleri bilen ölläp durulmagy, wirusly ýokançlardan goranmak üçin burun boşluklaryna oksolin melhemini çalmagyň hem-de elleri zyýansyzlandyrjy erginleri bilen zyýansyzlandyrmagyň üpjinçiligi we desgalaryň girelgelerinde galtaşyksyz beden gyzgynyny ölçemegiň, her bir işgäriň iş ýerlerinde elleri üçin şahsy antiseptik serişdeleriň bolmagyny gözegçilikde saklanylýar we bu ugurda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

   Ilat arasynda sagdyn iýmitlenmek düzgünleri talaba laýyk berjaý edilip witaminlere baý bolan önümlerden pasyla görä dogry iymitlenmek wajyp meseleleriň biridir.