Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Sport /Saglygyň sakasy!
  05.11.2020
812
Saglygyň sakasy!

      Häzirki wagtda dünýä lukmançylygynyň bir ýerde durman sagatsaýyn ösýänligi hemmämize bellidir. Biz olara gündelik mawy ekranlar, internet maglumat  ýa-da beýleki habar beriş serişdeleri arkaly göz ýetirýäris. Dünýäniň  ösen döwletleriň  häzirkizaman lukmançylyk enjamlary arkaly her bir adam öz saglyk ýagdaýyny, beden agzalarynyň işleýşini ýa-da ýüze çykan näsazlyklary anyklap bilýär. Ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde geçen asyrda bejermesi mümkin bolmadyk ýa-da örän kyn bolan keselleriň çözgüdiniň tapylmagy lukmançylygyň ýokary derejä ýetmegi adam saglygynyň iň uly baýlykdygyndan nyşandyr.

      Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde iň gymmatly hazyna bolan adam we onuň saglygy hemme zatdan ileri tutulyp, saglygy goraýyş ulgamynda bu babatynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ägirt uly işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň köpçülikleýin  bedenterbiýäni we sporty durmuşymyz bilen berk baglanyşdyrmagynyň saglygymyzyň ilkinji nobatda öz elimizdedigini aňladýar. Adam saglygy onuň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesi bilen berk baglanşyklydyr, olar bolsa öz gezeginde sagdyn iýmitlenmegi, hereketliligi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy talap edýär. Lukmançylygyň özgerdijisi hasaplanýan Gippokrat: “Adam öz durmuşyny sagdyn, şadyýan we işe ukyplylykda geçirjek bolsa, onda gimnastika maşklar ýa-da köp ýöremeklik ýaşaýyş durmuşynyň her günki hökmany geçirilmeli işleriniň biri bolmalydyr”. diýip ýazypdyr. Her gün ir bilen turup arassa howada azyndan 20 minutlap bedeni ýeterlik derejede kislorod bilen üpjün etmek, şähdiňi açýar. Gündelik ýerine ýetirilmeli irki maşklardan başgada bedene düşýän ýükleriň ýaşa, we fiziki taýýarlygyna görä laýyk bölünmeginiň zerurdygyny ýatdan çykarmaly däl. Elbetde hereketlilik bilen birlikde iýýän iýmitimizi hem seljerip iýmelidiris. Belli alym, pelsepeçi Sokrat “Adam iýmek üçin ýaşamaýar, eýsem ýaşamak üçin iýýär ” diýipdir. Şonuň üçin  hereketliligimiz  iýýän iýmitimize deňeçer bolmalydyr. Şeýtsek bedenimizde zyýanly maddalaryň toplanmasy ýüze çykman kabul edilen iýmit öýjüklerimiz tarapyndan ýeterlik derejede siňdiriler. Sagdyn iýmitlenmek we beden maşklary nerw-myşsa ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär. Netijede bedenimiziň dürli kesellere durnuklylygy ýokarlanýar.

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ilaty sagdyn, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bu bolsa geljekde  watanymyzyň ösüşine goşant goşjak sagdyn nesli- sagdyn jemgyýeti kemala getirer!