logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Saglygyňyza oýlanyşykly çemeleşiň!
  10.01.2023
1080
Saglygyňyza oýlanyşykly çemeleşiň!

Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi bilen ýüze çykýar. Eger kimdir biri ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen bejergini kabul etmeli. 

Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdaly tagamdyr. Naharyň gapdalyndan sogandyr sarymsak iýmegi endik edinmeli. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmeli.

Pasla görä ünsli geýinmeli we bu babatda çagalara-da gözegçilik etmeli. Her gün otaglary ýelejiretmeli, yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.

Ýiti respirator keseliň alamatlary ýüze çykanda, lukmana ýüz tutman, özbaşdak bejergi kabul etmek nädogrudyr. Maşgala ýa-da beýleki lukmanyň barlagyndan geçmän, kesel kesgitlemesini takyk anyklatman, derman serişdelerini özbaşdak peýdalanmak bolmaýar. Derman serişdeleri, hususan-da, antibakterial serişdeleri ulanmakda, hökman kesel döredijiniň olara bolan duýgurlygyny anyklatmak zerurdyr. Elbetde, bu barlaglar ýurdumyzda hereket edýän ýörite barlaghanalarda geçirilýär. Onuň üçin siz hökman öz maşgala lukmanyňyza ýa-da degişli hünärmenlere ýüz tutup, diňe şolaryň bellän derman serişdelerini ulanmalysyňyz. Derman serişdelerini bilip-bilmezden, özbaşdak peýdalanmak adam bedenine düýpli zyýan ýetirip biler. Munuň özi bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peseldýär. Antibakterial derman serişdeleri içegedäki kadaly mikrobedenjikleriň, ýagny iýmit siňdiriş hadysasyna gatnaşýan we immun ulgamyny berkidýän kadaly mikroflorany dargadyp, düýpli zeper ýetirýär. Şoňa görä-de, diňe lukman tarapyndan bellenen derman serişdelerini talabalaýyk kabul ediň, öz saglygyňyza paýhasly çemeleşiň! 

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.