Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk barada parasatly setirler
  25.02.2025
545
Saglyk barada parasatly setirler

Adam ömrüniň birinji ýarymynda aklynyň, ikinji ýarymynda bolsa saglygynyň ýoklugy gynançly ýagdaýdyr. (Omar Haýýam)

***

Köp içseň awy, az içseň derman. (Aly Abu Ibn Sina)

Abraý isleseň, köp diýme, saglyk isleseň, köp iýme. (Türkmen nakyly)

***

Eger-de ynsan öz saglygy üçin alada edýän bolsa, onda onuň saglygyna düşünip biläýjek özünden başga oňat lukmany tapmak gaty kyndyr. (Sokrat​)

***

Saglyk we bagt biri-birinden aýratynlykda ýaşap bilmez.(Rus nakyly)

***

Saglyk – adamyň iň gymmatly baýlygydyr. (Gippokrat)

***

Bagt – bu oňat sagdynlyk hem-de ýaramaz ýatdyr. (Albert​ Şweýser​)

***

Saglyk altyndanam gymmatdyr. (Uilýam​ Şekspir​)

***

Meniň bilýän ýeke-täk gözelligim – bu saglykdyr. (Genrih​ Geýne​)

***

Iýeniňizde işdä bilen iýiň, eger işdäňiz ýok bolsa, naharlanmakdan saklanyň. Uzak aç gezmäň, çünki açlygyň netijesinde aşgazan ýaramaz şirelerden dolýar. (Aly Abu Ibn Sina)

***

Iki zat öz gymmatyny ýitirenden soň gadry bilinýär: ýaşlyk we saglyk. (Arap nakyly)

***

Az geplemeklik akyllylykdan nyşan, az iýmeklik sagdynlykdan. (Alyşir Nowaýy)

***

Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz. (Türkmen nakyly)

***

Ynsanyň kabul edýän iýmit önümleri bejeriji häsiýetli serişdeler bolmalydyr, tersine bejeriji serişdeler iýmit önümleri bolmaly däldir. (Robert​ Asprin​)

***

Eger kimde kim sagdyn bolsa, şonda umyt bardyr, eger kimde umyt bolsa, şonda ähli zat bardyr. (Arap nakyly)

***

Fiziki taýdan saglygyň möhüm häsiýeti ruhubelentlikdir. Ruhubelentlik bedene täze ýaşaýyş berýär, gan aýlanyşygyny çaltlandyrýar. (U​.Godwin​)

***

Saglyk – bu ondan peýdalanýan adamlar we beýlekiler üçin beýiklikdir. (Karleýl​)

***

Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun. (M​.Pyragy)

 

Aýna GULLYÝEWA,​

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýa, topografik
anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy​, dosent,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.