logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Saglyk-baş baýlyk
  01.11.2021
719
Saglyk-baş baýlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu netijeli işleri üstünlikli ýola goýmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini düşündirmekde TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda möwsümleýin kesellerden goranmakda berjaý edilmeli arassaçylyk düzgünlerini düşündirmek boýunça netijeli wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

        Düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerine salgylanyp, raýatlara saglygy goramaga degişli birnäçe maslahatlary berýärler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök-önümleri iýmegiň wajyplygy barada wagyz-nesihat işleriniň dowamynda aýratyn bellenilýär.

        Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarymyzyň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.